“Gül ülkäm” hususy kärhanasy, Türkmenistanda ýük göteriji we ýolagçy liftleri, enjamlary gurnamak, abatlamak bilen meşgullanýan häzirki zaman kärhanalaryň biridir.
Biziň kärhanamyz, liftleri we eskolatorlary gurnamak we abatlamak işlerini etmek üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Işe jogapkärli çemelleşmek, her bir müşderi bilen uzak möhletli gatnaşyk gurmaga üns bermek bilen tapawutlanýarys.
Bizde
iň meşhur öndürijilerden,
Türk döwletiniň “Ýükseliş Asansör” we Hytaý döwletiniň
“LG” kompaniýalarynyň dürli
görnüşli dizaýnly
liftlerini we eskalatorlaryny tapyp bilersiňiz! Türkmenistanyň ähli
sebitlerine gurnamak üçin goşmaça
tölegsiz enjamlary eltip berýäris! Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, jemi
30-a golaý edara kärhanalarynyň 600-den gowyrak lift enjamlaryna tehniki
hyzmaty ýerine ýetirilip gelinýär. Şeýle-de, täzelikde “Altyn Asyr” ÝGPJ-ne
degişli bolan “Lebaptelekom” WEAK-sy we “Daşoguztelekom” WEAK-sy bilen köne
liftleri söküp aýyrmak, täzesini ýerine gurnamak, sazlamak we işe göýbermek
hyzmatlary üçin şertnamalar baglaşyldy. Mundan başgada “Gül ülkäm” HK-sy Arkadag
şäheriniň 2-nji tapgyrynda täze döwrebap edara ediş merkeziniň ýaşaýyş
jaýlarynda we edara binalarynda döwrebaplaşdyrylan talaplara gabat gelýän,
sanly ulgam arkaly dolandyrylýan ýolagçy we ýük göteriji liftleri bilen üpjün
etmek üçin teklip edildi.
Liftleri
gurnamak baradaky ähli islegleriňizi gysga wagtda ýerine ýetirip, gurluş
işleriniň hemmesini we binalarda oturdylan enjamlary görkezmäge taýýardyrys.
Arkadag
şäheriniň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşýan Döwlet edaralaryna we hususy
kärhanalaryna, binalarda otyrdyljak ýolagçy we ýük göteriji liftleri bilen
üpjün etmekde öz hyzmatymyzy hödürleýäris!