Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Ahalyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow döwlet Baştutanymyza bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde gurulýan desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda 7 gatly 28 öýli, 56 öýli we 42 öýli, 9 gatly 54 öýli, şeýle-de 5 gatly 30 öýli hem-de 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde ýerleşdirilmegi teklip edilýän söwda dükanlarynyň, hyzmat ediş öýleriniň taslamalary bar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de aýry-aýry ýolbaşçylar gatnaşdylar.