“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi.
2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet
gümrük gullugynyň gurnamagynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire”
ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi
geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, “Eksport-import amallary üçin bir
penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň 2-nji
mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly möhüm
meselelere seredildi. Mejlisiň dowamynda, BMG-nyň
Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň hünärmenleri tarapyndan, Pudagara iş
toparynyň düzümine girýän ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda
we jemgyýetçilik guramalarynda, eksport-import bilen bagly amallary elektron
görnüşde “Bir penjire” ulgamynyň üsti bilen resmileşdirilmegi babatynda geçirilen
seljermäniň netijelerini hem-de bu edaralaryň kanunçylyk binýadyna
girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar boýunça ýüze çykýan soraglar ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şeýle hem, mejlise gatnaşýan her pudagyň wekili aýratynlykda,
“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak
boýunça alyp barýan işleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.