Import we Eksport resminamalarynyň terjimeçilik hyzmatlary

Beýleki ugurlar bilen bir hatarda biz Size gerekli bolan dürli dillerde resmi işleriň amatly we ýokary hilli terjimeçilik hyzmatlaryny hem hödürleýäris!

Biziň hyzmatlarymyz:

“Gül Ülkäm” hususy kärhanasy esasan Lift hyzmatlaryny- ýagny, liftleriň meýilnamalaýyn tehniki işlerini, olary ätiýaçlyk enjamlar (şaýlary) bilen üpjün etmek işlerini, gümrük dellalçylyk hyzmatlaryny-ýagny, gümrük deklarasiýalaryny ýazyp bermek işlerini, kompýuter hyzmatlaryny, terjimeçilik hyzmatlaryny we gurluşyk gurnama işlerini ýerine ýetirýän köpugurly kärhanadyr. Kärhanamyz bu ugurlarda Türkiýäniň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Finlandiýanyň we Koreýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen iş salyşýar.

Aýratynlyklarymyz:

Ýokary tejribeli hünärmenler

Ýokary hilli tehniki harytlar

Köpugurly işlerde tejribe

Ygtybarly hyzmatdaşlyk