Täze bagşanşylan şertnamalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik toplumynda uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan döwrebap köp gatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlaryň sany örän kän. Häzirki wagtda gurulýan köp gatly binalarda we ýaşaýyş jaýlarda ornaşdyrylýan liftleriň howpsuz hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ösen döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilip gurulmagy öran zerur bolup durýar. “Gül ülkäm” hususy kärhanasy häzirki wagtda dünýäniň iň belli lift öndüriji kompaniýalary bilen hyzmatdaş bolup, ýurdumyza dünýäniň iň ösen we häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilrn liftleri we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny getirmek hem-de olary öz işine ussat tejribeli hünärmenler bilen gurnap bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär. “Gül ülkäm” hususy kärhanasy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinde gurulýan birnäçe ýaşaýyş jaýlaryna, edara binalaryna, söwda we hyzmat öýlerine täze döwrebap liftleri getirmek we olary gurnamak barada üstünlikli ylalaşyklary gazanyp, häzirki wagtda täze şertnamalary baglaşandygyny bellemek isleýäris. Olara mysal edip “Alysýap” HK, “Sary daş” HK, “Türkmen bina gurluşyk” HJ-niň gurýan ýaşaýyş jaýlarynyň, “Baş bina” HJ-niň gurýan edara binasynyň, “Aga-gurluşyk” HK, “Zemin gurluşyk” HK, “Bekrewe” HK, “Kuwwatly tutum” HK, “Paýhasly ugur” HJ, hem-de “Gül ülkäm” hususy kärhanasynyň özüne degişli bolan söwda we hyzmat öýi binalaryny görkezmek bolar. Biziň teklip edýän liftlerimiz, dünýä standartlaryna laýyk gelýän tehnologiýalar we akylly ulgamlar ornaşdyrylandyr. Liftleri gurnamak işleri kärhanamyzyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilýär. Biziň kärhanamyz tarapyndan gurnalan bu liftler Size uzak wagtlap howpsuz şertlerde rahat hyzmat etmegini kepillendirýäris.